#### Eger kompýuteriňizde git ýok bolsa, [şu ýerden ýükläň](https://docs.github.com/en/get-started/quickstart/set-up-git).
## Şu repositoryny forklaň
Şu sahypanyň ýokarsynda duran fork düwmesine basyp şu repositoryny forklap bilýaňiz.
Şunlukda, şu repositorynyň kopiýasy siziň hasabyňyzda bolyar. (Şu proýektiň eýesiniň hasabynda-da, siziň hasabyňyzda-da bolýar)
## Şu repositoryny klonlaň(clone)
Indi, forklan repositoryny öz kompýuteriňize klonlaň(clone). Bu diýmek, ýaňy siziň github hasabyňyza kopiýasy gelen(forklan) şu proýekti oz kompyuteriňizde-de bir kopiýasyna eýe bolup bilýäňiz. Github hasabyňyza gidiň, forklan repositoryny açyň, code düwmesine basyň, soňra _copy to clipboard_ nyşanyna basyň.
Terminaly açyp aşakdaky git buýruguny işlediň:
```
git clone "ýaňy kopiýa eden url-ňyz"
```
"ýaňy kopiýa eden url-ňyz"(goşa dyrnaksyz) şu repositorynyň url-y (şu proýektiň siziň eden forkuňyz).Url-ny almak üçin ýokarda görkezilenleri yzarlaň.
Mysal üçin:
```
git clone https://github.com/ulanyjy-ady/first-contributions.git
```
`ulanyjy-ady` diýip duran bölegiň deregine siziň Githubdaky ulanyjy adyňyz. Şu ýerde, Githubdaky first-contributions repositorynyň içindäki ähli zatlary kompýuteriňize kopiýalaýarsyňyz.
## Şaha(branch) döretmek
Repositorynyň duran papkasynda däl bolsaňyz, şol ýere gidiň:
```
cd first-contributions
```
Indi, `git switch` buýrugy arkaly täze şaha(branch) dörediň:
```
git switch -c siziň-täze-şahaňyzyň-ady
```
Mysal üçin:
```
git switch -c goş-ahmet-ahmedow
```
(Şahanyň adynda _goş_ sözüni hökman ýazmasaňyzam bolyar, ýöne bu şahanyň maksady adyňyzy goşant goşanlaryň hasabyna goşmak bolany üçin, _goş_ sözüni ulanmak düşnükli bolar)
## Gerekli üýtgeşmeleri edip, ol üýtgeşmeleri bellige almak (commit etmek).
Indi, tekst redaktorynda(m.ü VSCode) `Contributors.md` faýlyny açyň, içinde iň soňunda adyňyzy giriziň we ýatda saklaň(save)
```
- [Adyňyz](https://github.com/ulanyjy-adyňyz)
```
Mysal üçin:
```
- [Ahmet Ahmedow](https://github.com/ahmetahmedow)
```
```](``` arasynda boşluk ýokdur
Terminalda eger proýektiň duran ýerine gidip,```git status``` buýrugyny işletseňiz, şol ýerde bolan üýtgeşmeleri görýaňiz.
```git add ``` buýrugyny ulanyp şol üýtgeşmeleri ýokarda döreden şahamyza(branch) goşýas:
```
git add Contributors.md
```
Indi, `git commit` buýrugy arkaly şol üýtgeşmeleri bellige alyp(commit) goýýas:
```
git commit -m "
Indi, Çekiş haýyşnamasyny(pull request) ýollaň.
Basym, Eden ähli üýtgeşmeleriňizi gözden geçirip, proýektiň esasy şahasy(main branch) bilen birleşdirýäs. Üýtgeşmeler birleşdirilen soň, habarnama alarsyňyz.
## Mundan soň näme edip bilersiňiz?
Gutlaýas! Siz standart goşant goşujy hökmünde kän gabat gelinýän _forklamak(fork) -> Klonlamak(clone) -> Üýtgetmek(edit) -> Çekiş haýyşnamasy(pull request)_ yzygiderliligini tamamladyňyz!
Eden goşandyňyza begeniň we dostlaryňyz bilen paýlaşyň!
[Bu baglanma](https://firstcontributions.github.io/#social-share) arkaly hem birnäçe gyzykly proýektlere öz goşandyňyzy goşup bilýäňiz.
Eger-de islendik kömek gerek bolsa ýa-da soraglaryňyz bar bolsa [biziň Slack toparymyza](https://join.slack.com/t/firstcontributors/shared_invite/zt-1hg51qkgm-Xc7HxhsiPYNN3ofX2_I8FA) goşulyp bilýaňiz.
### [Goşmaça maglumat](additional-material/git_workflow_scenarios/additional-material.md)
## Başga gurallar hakynda sapaklar (ýöne iňlis dilinde)
| Bu proýektiň goldaýjysy: